Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabaralar

0
787
0
0

Aşgabat, 08.03.2015. “Türkmenportal”.

«Parahat» medeni­dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Mukamlarda ene waspy” at bilen aýdym­sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabara paýtagtymyzyň dürli edara­kärhanalarynda zähmet çekýän gelin­gyzlar, TMÝG­niň welaýat geňeşlerinden çagyrylan myhmanlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar ýaňlandy.   Onuň dowamynda Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artistleri, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş etdiler.

* * *

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, «Zenan sarpasy belent Diýarda» atly kitap sergisi guraldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öz halkyna sowgat beren kitaplary we ýurdumyzyň zenan ýazyjy-şahyrlarynyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary baýramçylyk sergisini bezedi.

* * *

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, «Türkmen zenany — milletiň ruhy gözelliginiň nyşany» atly baýramçylyk sergisi guraldy.

Baýramçylyk sergisinde suratkeşlerimiziň dürli ýyllarda türkmen zenanlaryna bagyşlap döreden surat eserleri hem-de zenanlaryň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdan el işleridir bezeg şaý-sepleri görkezildi.

* * *

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli, “Döwletimiziň bagtyýar zenanlary” atly kitap sergisi guraldy.

Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň öz halkyna sowgat beren kitaplaryna hem-de ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň türkmen zenanlaryna bagyşlap ýazan kitaplaryna giň orun berildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru