Edebiýat işine Aşgabatda başlan fantast ýazyjy 65 ýaşady

0
591
0
0

Aşgabat, 06.03.2015. “Türkmenportal”.

Ýewgeniý Lukin edebiýat işine iň azyndan üç gezek dagy täzeden başlady. Ilkinji sapar Aşgabatda, mekdep okuwçysyka synandy. 1966—1967-nji ýyllarda “Komsomoles Turkmenistana” gazetinde we “Aşgabat” žurnalynda ilkinji goşgulary hem-de “Mämişi Wega” atly ýaňsyly fantastik powesti çap edildi.

Ara maý salyp Ýewgeni Lukin aýaly Lýubow Lukina bilen bilelikde fantastik hekaýalary ýazyp başlaýar. 1981-nji ýylda “Weçerniý Wolgograd” gazetinde “Kanikul we suratçy” powestleri çykdy. Şondan bäri Lukinleriň eserleri gazet-žurnallarda, ýygyndylarda yzygiderli çap edilip gelinýär. Olaryň agramly bölegi powestler we hekaýalardyr. Ýazyjylaryň eserleri çeh, bolgar, nemes dillerinde terjime edildi.

1990-njy ýylda Fransiýada olaryň ilkinji kitaby çapdan çykýar. Är-aýala “Ýewrokon — 90” medaly hem diplomy gowşurylýar.

1992-nji ýylda olar SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna Kabul edilýär. Ýöne tiz wagtdan Lýubowyň fantastikadan daşlaşmagy bilen, edebi ikileriň bilelikdäki hyzmatdaşlygy tamamlanýar.

1993-nji ýyldan bäri Ýewgeniý ýekelikde döredýär. Onuň ilkinji özbaşdak eseri “Dilçiler” hekaýasydyr.

Ýewgeniý Lukiniň aýtmagyna görä, ol indi köp wagt bäri toslama bilen hakykatyň arasynda tapawut görenok.

Ol abraýly rus we halkara edebiýat baýraklarynyň altmyşdan gowragynyň eýesidir.

Ýewgeniý Lukin 1950-nji ýylyň 5-nji martynda doguldy.       

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru