28-nji fewralyň birža tazelikleri

0
642
0
0

Ашхабад, 01.03.2015 «Türkmenportal». 

“Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy” diýip, «Türkmenistan: hepdäniň wakalary» habarlar çapary habar berýär.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Pakistandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awio we yşyklandyryş kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, M-100 kysymly mazudy we awtoulag ýagyny satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi we portlandsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Şweýsariýa, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, umumy bahasy 137 müň manatlykdan gowrak möçberde azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru