Türkmenistanly zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşurylar

0
934
0
0

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç alyş gününi 8-nji martdan 9-njy marta geçirmek hakyndaky Permana, şeýle hem döwlet Baştutany bu baýramyň hormatyna ýurdumyzyň zenanlaryna 40 manat möçberdäki pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Prezidentiň sowgatlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara gowşurylar.

Milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara olaryň öz wagtynda gowşurylmagyny hem-de  baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde we dabaralara beslenip geçirilmegini üpjün etmegi  tabşyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru