Ahal welaýat häkimligi awtoduralgalaryň taslamasyny taýýarlamak we gurluşyk işlerini geçirmek boýunça tender yglan etdi

0
580
0
0

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň çäginde telekeçileriň öz hasaplaryna häzirki zaman awtoduralgalaryň taslamasyny taýýarlamak we gurluşyk işlerini geçirmek boýunça tender yglan etdi.

Tendere gatnaşmak isleýänlere Aşgabat — Daşoguz magistral awtoýolunyň 26-njy kilometrinde, Aşgabat — Mary magistral awtoýolunyň 20-nji kilometrinde awtoduralgalaryň taslamasyny taýýarlamak we gurluşyk işlerini geçirmek hödürlenilýär.

Tendere gatnaşmak isleýändigiň baradaky haýyşnamaňy hat üsti bilen gatnaşyjynyň doly atlandyrylyşyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezip 2015-nji ýylyň 10-njy martyna sagat 16.00-a çenli berip bolýar. Tender teklipleri ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli kabul edilýär.

Tender tekliplerini şu salgy boýunça tabşyrylmalydyr: Ak bugdaý etraby, Änew ş. Halklaryň dostlugy köç. 2, Ahal welaýatynyň häkimligi. Habarlaşmak üçin telefonlar: (800137) 3-36-26, 3-33-23.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru