Aşgabatdaky Aziýa oýunlarynyň sözlükleri çapdan çykdy

0
530
0
0

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Ýapyk sport desgalarynda we başa-baş göreş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde «Türkmençe-rusça gepleşik sözlügi», «Türkmençe-arapça sport sözlügi», «Sport adalgalarynyň türkmençe – arapça gepleşik sözlügi» çap edildi. 

Aziýa oýunlaryna bagyşlanan sport sözlükleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň , Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlandy. 

Bu kitapçalar 4 bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde sporta degişli sözler we söz düzümleri, ikinji bölüminde gündelik durmuşda ulanylýan sözler we olar bilen baglanyşykly ugurlardaky gepleşikler, üçünji bölüminde lukmançylyga degişli sözler we söz düzümleri, dördünji bölüminde bolsa käbir goşmaça sözler we söz düzümleri ýerleşdirilipdir.

 Ýapyk sport desgalarynda we başa-baş göreş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru