Türkmenistan Rumyniýa üçin Merkezi Aziýada wajyp strategik hyzmatdaş bolup durýar.

0
429
0
0

Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistan bilen uzak möhlete niýetlenen doly derejeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Rumyniýada uly gyzyklanma bildirilýär. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň barşynda Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we syýahatçylyk ministri Mihaý Tudose belläp geçdi. Mihaý Tudose Türkmenistanyň Rumyniýa üçin Merkezi Aziýada wajyp strategik hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň söwda ykdysady ulgama degişli wajyp meseleleri barada pikir alyşdylar. Senagat, energetika, ulag, syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň gelejegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.

Şu ugurda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara iş toparynyň şu günler Aşgabatda geçirilen nobatdaky 5-nji maslahatynyň wajyp ähmiýete eýedigi bellenilip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça ýola goýulmagynyň we pugtalandyrylmagynyň mümkinçiliklerine garaldy. Dürli pudaklarda işewür gatnaşyklary çaltlandyrmak meselesinde ikitaraplaýyn işewürler maslahatyna uly ornuň degişlidigi nygtaldy.

Gürrüňdeşligiň barşynda milletiň Lideri we myhman döwletara gatnaşyklaryň wajyp bölegi bolup durýan medeni hem ylym-bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmalydygyny belläp geçdiler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru