Soňky habarlar

Arhiw

25-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlar

00:4422.02.2015
0
3198

Aşgabat, 22.02.2015. “Türkmenportal”.

25- 27-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi we türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler.

Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde Eýran kompaniýalarynyň 120-sine wekilçilik edýän 300-e golaý işewür bolar. Olar sergide dürli önümleri, şol sanda tehnikalary we ýolgurluşygy we nebitgaz pudagy, elektrik energetika, suw arassalaýjy we gyzdyryjy ulgamlara degişli enjamlary, gurluşyk serişdelerini, şeýle hem ýeňil, ýük ulaglarynyň, ýolagçy ulaglaryň görnüşlerini, dokma we azyk önümlerini görkezerler.

Dünýäniň ähli ýurtlary, aýratyn-da, ýakyn goňşular bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegi we ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda Eýran Yslam Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlyk has ýokary derejä çykdy. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň, türkmen-eýran işewürçilik forumlarynyň we paýtagtymyzda geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergileriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň