Türkmen hemrasynyň älem giňişligine çykaryljak gününiň anyk senesi aýdyldy

0
1319
10
0

 Aşgabat, 13.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmenälem” diýlip atlandyrylan ilkinji türkmen älem aragatnaşyk hemrasynyň uçurmak Space X şahsy amerikan kompaniýasyna ynanyldy we ol 30-njy martda Kanaweral burnundaky  kosmodromdan (Florida ştaty, ABŞ) amala aşyrylar. Bu barada şu gün türkmen paýtagtynda bolan metbugat maslahatynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard habar berdi.

Häzirki wagtda älem giňişliginden Türkmenistana aragatnaşygy “Ýamal” rus hemrasy üpjün edýär. Ol “Gazprom älem gurluşlary” kompaniýasyna degişlidir.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow internet ulgamyny we telewideniýäni ösdürmäge güýçli itergi bermek maksady bilen, milli älem hemrasyny döretmek baradaky kararyny mälim etdi. 2011-nji ýylda Fransiýanyň Thales Alenia Space kompaniýasy Spacebus 4000-iň bazasynda enjamyň taslamasyny taýýarlamaga girişdi.

Thales we SpaceX bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, “Türkmenälem” “Felkon-9” suwuk ýangyjynda işleýän iki basgançakly raketa göterijiniň kömegi bilen hemişelik geoztasionar älem giňişligine çykarylar. Onuň ulanylyş möhleti 15 ýyla niýetlenendir. Hemrada ýerleşdirilen enjam ýerdäki radiostansiýalaryň tolkunlaryny kabul etmäge, olary güýçlendirmäge we ýerdäki beýleki radiostansiýalara alyp eşitdirmäge ukyplydyr. Hemra Türkmenistanda, Orta Aziýa döwletlerinde, Eýranda, Türkiýede, Demirgazyk Afrikada we Ýewropanyň köp böleginde gepleşikleri üpjün etmäge niýetlenendir.

Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň maglumatlary boýunça taýýarlanyldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru