“Ahal” AFK-nyň Kubogynda Gyrgyz Respublikasynyň dokuz gezek çempionyny ýeňdi

0
1704
0
0

Aşgabat, 09.02.2015. «Türkmenportal».

Aşgabat stadionynda AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama duşuşyk tamamlandy. Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi, “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň “Ahaly” Gyrgyz Respublikasynyň dokuz gezek çempionyny, ýurduň Kubogynyň ýedi gezek eýesi “Dordoýy” kabul etdi.

Türkmen futbolçylary ilkinji minutlardan oýny öz ellerine aldylar, we eýýäm 8-nji minutda öňe saýlandylar — 1:0. Pökgini jerime urgusyndan “Ahala” täze goşulan Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Ýeri gelende bellesek, ol soňky döwürde Türkmenistanyň IIM-niň “Galkan” futzal toparynda çykyş etdi. Onuň uly futbola geçmegi üstünlikli boldy diýip aýtmaga doly esas bar. Çünki Altymyradyň ýeke-täk pökgüsi “Ahala” ýeňiş getirip, türkmen toparyny indiki tapgyra çykardy.

Şeýlelikde, Aziýanyň ikinji derejeli klub bäsleşiginde ilkinji gezek çykyş edýän “Ahal” ýaryşy dowam etdirýär. Indi ildeşlerimiz 17-nji fewralda Omanyň “Fanjasy” bilen duşuşarlar we ýeňiş gazanan topar toparçalaýyn tapgyrda oýnamaga hukuk gazanar.

Futbol söýüjilere duşuşygyň maglumatlaryny hödürleýäris.

AFK-nyň Kubogy. Saýlama tapgyr.

«Ahal» (Türkmenistan) — «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy) - 1:0 (1:0)

9-njy fewral, Aşgabat ş., «Aşgabat» stadiony, 15 000 tomaşaçy.

Eminler: Ilgiz Tantaşew, Ruslan Serazitdinow, Andreý Sapenko, Şerzod Kasimow (hemmesi Özbegistan).

Gol: Altymyrat Annadurdyýew, 8.

«Ahal»: Akmyrat Gurbanow, Begli Meredow, Mekan Saparow, Myrat Hemraýew, Zafar Babajanow, Gurban Annaýew, Alibek Abdyrahmanow (Begmyrat Balakaýew, 62), Süleýman Orazow, Rahmet Şermetow (Berdi Hotdyýew, 90+2), Altymyrat Annadurdyýew (Berdimyrat Rejepow, 89), Mamedaly Garadanow.

«Dordoý»: Wladislaw Wolkow, Deniel Tego, Azamat Baýmatow, Talant Samsaliýew (k), Şerzot Şakirow, Adyl Mohammad (Wadim Harçenko, 52), Islam Şamşiýew, Dewid Tette, Dawron Askarow, Kaýrat Žyrgalbek uulu (Žankarlo Prewiato, 55), Kalimulla (Almazbek Mirzaliýew, 82).

Duýduryş: Begli Meredow, 87, Mamedaly Garadanow, 90+4.

Iň oňat oýunçy: Altymyrat Annadurdyýew.

Üns beriň! “Ahal” we “Dordoýy” arasynda AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama duşuşygynyň fotoreportažyny sypdyrmaň!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru