Estrada aýdymçylarynyň welaýatlardaky baýramçylyk konsertleri

0
1038
3
0

Aşgabat, 09.02.2015. “Türkmenportal”.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralýar.

Şol çäreleriň arasynda ýurdumyzyň tanymal estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynyň hem bardygyny aýtmak gerek.

13-nji fewralda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Söhbet Jumaýew bilen Gurbangeldi Ataýew, 14-nji fewralda bolsa şol ýerde Durdy Durdyýew bilen Begmyrat Annamyradow çykyş eder.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary 22-nji fewralda Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda guraljak konsertde Söhbet Kasymowyň, Durdy Durdyýewiň, Rasim Geldiýewiň aýdymlaryny diňläp bilerler.
 

 

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru