Kerim Ataýew — “2014-nji ýylyň iň gowy aktýory”

0
906
1
0

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň çeperçilik geňeşi teatryň aktýory Kerim Ataýewi 2014-nji ýylyň iň gowy aktýory diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde ilkinji gezek geçirilen “Ýylyň iň gowy aktýory” bäsleşigi ýurduň medeni durmuşynda wajyp waka boldy.

Bäsleşigiň ýeňijisine dabaraly ýagdaýda hormatly baýrak — ganatly Pegasyň şekili we “2014-nji ýylyň iň gowy aktýorynyň” ýadygärlik nyşany gowşuryldy.

2008-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Kerim A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyna girdi. Bu ýerde onuň aktýorlyk ýoly başlandy.

Zehinli artist Puşkin teatrynyň sahnasynda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň onlarçasynyň aýdyň keşbini döretdi. Olardan Molýeriň “Skapeniň pyrryldaklaryndaky” husyt  Žerandy, A. Sagareliniň “Hanuma” komediýasyndaky hakykatçyl mülk kähudasy Akoby, B. Amanowyň “Zöhre we Tahyryndaky” hilegär bagban Hasany, Şekspiriň “Otellosyndaky” Ýagonyň içki Duýgusyny, A. Rahmanowyň, Ý. Şerbakowanyň “Awaza — söýgim meniň!” spektaklyndaky Azady, N. W. Gogolyň “Derňewçisindäki” Hlestakowy, G. Daňatarowyň, S. Nepesowyň “Pereňlisindäki” Amany... görkezmek bolar. Çagalar üçin döredilen spektakllarda oýnan rollary-da onuň döredijiliginiň aýratyn sahypasy bolup durýar.

“Ýylyň iň gowy aktýory” bäsleşiginiň her ýylda geçirilip durulmagy aktýorlaryň hünär taýdan kämilleşmeginde we ösmeginde uly ähmiýete eýe bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru