Ýanwaryň soňky güni Aşgabatda gar ýagdy

0
1019
0
0

Aşgabat, 31-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Geçen ýekşenbe güni tebigat eziz Aşgabadymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ajaýyp görnüşi emele getirip, asmandan kebelekläp ýere inýän ak, ýeňil, ýumşak gary synlamaga nobatdaky mümkinçiligi döretdi. Bu gün köçeler, gezelenç edilýän ýerler, seýilgähler diýseň köp adamly. Olar — ak gary bilen jaýlary, baglary, ulaglary, ýollary özboluşly görnüşe getiren tebigat atly suratkeşiň ussatlyk bilen döredýän ajaýyp “eserlerini” synlamak üçin keýpiçag halda öýlerinden çykdylar.

Ak mermerden Aşgabat ýumşak gara bürelip, öz gözelligi bilen paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna şatlyk hem ylham paýlady. Bu günki gezelenç üýtgeşik lezzet berýär, gar aýak astynda täsin hytyrdap, gulagyňy gandyrýan jadyly owaz edýär.

Nähili owadan!.. Köçeden ýöräp barşyňa gyşyň tämiz howasyndan kükregiňi dolduryp dem alýarsyň... Ol diňe bir tämizem däl, edil gyşyň özi ýaly, arassa hem owadan!

Köçelerdäki şatlygy ýüzüne çykyp duran müňlerçe adamy, aýlanyp-pyrlanyp ýagýan garyň emaý bilen ýeri ak dona büräp barşyny synlap, tebigatyň ap-ak, ajaýyp gözelligini has üýtgeşik kabul edýärsiň. ylalaşaýyň, gyş gözelliklerine maýyl bolup, gar basan ýodajyklarda gezim etmek diýseň ýakymly…           

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru