Züleýha Kakaýewa: “Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip saýlanmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar”

0
1911
15
0

 

Aşgabat, 28-njy ýanwary. “Türkmenportal”.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Mary şäheri - türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanyp alyndy. 27-nji ýanwarda Mary welaýatynyň merkezinde bu iri medeni çäräniň açylyş dabarasy boldy hem-de şähere berlen bu hormatly derejä görä belleniljek çärelere badalga berildi. Geçen ýylyň ahyrynda Kazanda geçirilen «Turkvision-2014» aýdym-saz bäsleşiginde çykyş eden hem-de şol ýerde Marynyň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip saýlanmagy mynasybetli guralan çärede Türkmenistana resmi nyşanyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşan zehinli aýdymçy Züleýha Kakaýewa özünde galan täsirleri  “Türkmenportalyň” habarçysyna  gürrüň berdi:

 -Mary şäherinde geçirilen dabarada türki döwletleriň ençemesinden gelen myhmanlar we kärdeşlerimiz bilen resmi açylyş dabarasyna gatnaşdyk, dostluk konsertinde çykyş etdik.  Mary şäherinde biz “Serpaý” döredijilik topary bilen “Hymmyl” atly aýdymy  tomaşaçylara hödürledik. Ony daşary ýurtlardan gelen myhmanlaram gowy gördüler. Bu bolsa zähmetimiziň ýerine düşendigini, türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek işine goşandymyzy goşýandygymyzy  aýtmaga esas berýär.

Türkmen mill ieşiklerine we bezeglerine Kazandaky bäsleşikde-de diýseň uly gyzyklanma bildiripdiler. Kazanda çykyş eden mahalymyz žurnalistler biz bilen içgin gyzyklandylar. Biz «Turkvision»-da “Näzli” tans toparynyň tansçy gyzlary bilen çykyş etdik. Habar beriş serişdeleriniň wekilleri, tomaşaçylar egin-eşiklerimiz, milli şaý-seplerimiz, hatda saçlarymyz bilenem gyzyklandylar. Şeýle uzyn saçlaryň ýasama däldigine haýran galanlaram az bolmady.

«Turkvision» bäsleşiginiň jemi boýunça Türkmenistandan baran topara 2 sany ýörite baýrak gowşuryldy. Guramaçylar türkmen halkynyň milli esbaplaryny, şaý-seplerini şu güne çenli aýawly saklandygyny ykrar edip bir baýrak berdiler, özüme bolsa “Arassa sesli aýdymçy” hökmünde gymmat bahaly mikrofon gowşurdylar. Şol baýraklaryň şahadatnamalaryny gowşuranlarynda başdan geçiren tolgundyryjy pursatlarymyzy Mary şäherinde çykyş edenimizde buýsanç bilen ýatladym.  

Nesip bolsa, Baýdak baýramyna bagyşlap “Aýjan” çagalar topary bilen bilelikde halk döredijiligimizi wagyz etmäge goşant goşjak täze bir çykyş taýýarlaýarys. 2015-nji ýylyň baky Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigi, Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagtydygy bizi her bir baýrama has yhlasly taýýarlanmaga borçlandyrýar.  

Züleýha Kakaýewanyň "TURKVISION-2014"-däki çykyşynyň suratlaryny yörite fotoreportaž arkaly synlap bilersiniz!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru