Soňky habarlar

Arhiw

Mary türk dünýäsiniň ähli ýurtlaryndan myhmanlary garşylamaga taýýarlanýar

22:0822.01.2015
0
5511

Aşgabat, 22-nji ýanwar. “Türkmenportal”

Türk dünýäsiniň medeni paýtagty Mary şäheri türk dünýäsiniň ähli ýurtlaryndan myhmanlary garşylamaga taýýarlanýar. 27-nji ýanwarda Ruhyýet köşgünde “Mary — türk dünýäsiniň medeni paýtagty” atly ýylyň açylyş dabarasy bolup geçer. “Tatar-informyň” berýän habaryna görä, bu çärä Tatarystan Respublikasynyň halk artisti Rezede Galimowanyň we at gazanan artisti Rustýam Asaýew gatnaşar.

2015-nji ýylyň dowamynda “Mary — türk dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen meýilnamanyň çäklerinde türk dünýäsiniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda 20-den gowrak çäre geçiriler. Olaryň hatarynda ylmy maslahatlary, meşhur estrada we halk ýerine ýetirijileriniň konsertlerini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň işleriniň sergilerini, fotogörkezilişlerini teatr we kino eserlerini, ýazyjylaryň simpoziumyny, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işgärleri üçin amaly maslahatlary görkezmek bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň