Köpmilletli Türkmenistanyň raýatlary Mekgä we Medinä haj parzlaryny amala aşyrýarlar

00:3807.01.2015
0
8279

Aşgabat , 7-nji ýanwar. «Türkmenportal».  

Saud Arabystanyň hökümeti Mekkedäki Al-Haram metjidinde abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi sebäpli 2014-nji ýylyda haj parzyny amala aşyrmaga barýanlaryň sanyny 20% azaltdy. 

Muňa garmazdan, geçen ýylyň sentýabrynda köpmilleti Türkmenistan döwletinden zyýaratçylaryň 188-si Mekgä we Medinä haj parzyny amal etmek üçin iberildi. Olaryň arasynda türkmenler, özbekler, täjikler, gazaklar, tatarlar, azerbaýjanlar, buluçlar we ýurdumyzda ýaşaýan birnäçe halkyýetleriň wekilleri bar. 

Her ýylda Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen biziň ýurdumyzda ýaşaýan dürli halkyýetleriň we halklaryň wekilleri   “Türkmenhowaýollary” milli gullugynyň üsti bilen döwletiň hasabyna Saud Arabaystana iberilýär. Döwletimiz 2001-nji ýyldan bäri zyýaratçylaryň ýol harajatlaryny döwletiň hasabyna maliýeleşdirýär.

 Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmenistanlylaryň müňlerçesi döwletiň hasabyna haj parzlaryny ýerine ýetirip geldiler. Şeýle-de, raýatlarymyzyň Mekgedäki we Medinedäki keramatly ýerlere hususy ugurlar boýunça arkaýyn gidip gelmäge mümkinçilikleri bar. Türkmenistandaky musulmanlaryň ençemesiniň birnäçe gezek haj parzny ýerine ýetirip gelendigini aýtmalydyrys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň