Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş türkmenistanlylar dynç alyş möwsümini şatlykly geçirýärler

16:2302.01.2015
0
2553

Aşgabat, 2-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Täze ýylyň ilkinji güni paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Türkmen döwlet sirkiniň ertekiler meýdançasyna we «Maslahat köşgüne» ýaş türkmenistanlylary Aýazbaba bilen Garpamygyň, Gündogar senenamasy boýunça 2015-nji ýylyň nyşany hasaplanýan guzujygyň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyndaky gyzykly çykyşlara tomaşa etmäge çagyrdylar.

Biziň ýurdumyzda Täze ýyl halkymyz tarapyndan iň oňat görülýän baýramçylyklaryň biri bolup durýar. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyk guramaçylyk taýdan ýokary derejede, giňden, şadyýanlyk bilen we dabaraly hem-de parahatçylyga, ýagşylyga, şatlyk-şagalaňa we myhmansöýerlige mahsus ýagdaýda garşylanýar. Ýurdumyzyň  meýdançasynda goýlan owadan Baş arçasynyň ýanynda aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň müňlerçesi ýygnanýarlar. 

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda paýtagtymyzyň çagalary we welaýatlardan gelen myhmanlar ýygnanýarlar, olar arçanyň gözelligini hem-de “Älem” meýdançasyndaky şäherjikde Täze ýyla mahsus çärelere syn edýärler. Baş döwlet Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky şowhunly tomaşa hemmeler bilen birlikde, “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler, okuwda tapawutlanan mekdep okuwçylary, intellektual olimpiadanyň ýeňijileri, döredijilik we sport, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşikleriň ýeňijileri bolan ýaşlar gatnaşýarlar. Tomaşalar merkeziniň zallarynda-da çagalar üçin dürli çäreler guralýar. Bu ýerde çagalar attraksionlarda aýlanýarlar, kompýuterde başdan geçirmeleriň we oýunlaryň dünýäsine gyzyklanma bilen aralaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşurylan ajaýyp sowgatlar dabara gatnaşýan ýaşlarda baýramçylyk babatda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere ýörite sowgatlar berildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralýan baýramçylyk çäreleri mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günlerinde dowam eder we 10-njy ýanwarda tamamlanar. Şu döwürde paýtagtymyza gelýän ýaş türkmenistanlylar üçin Aşgabat şäheri, dynç alyş merkezleri, teatrlary we paýtagtymyzyň gözel künjekleri boýunça gyzykly gezelençler guralar. Şeýle-de ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi gyşky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar-sagaldyş dynç alyş merkezlerinde bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň