Soňky habarlar

Arhiw

Galla oragynyň barşynda eýýäm 1 million tonna bugdaý ýygnaldy

06:4527.06.2017
0
5063

Ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine bugdaýyň 1 million tonnasy gelip gowuşdy. . Bu üstünlik ekerançylaryň eziz Watanymyzyň harmanlaryna saýlama bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.

Galla oragy dowam edýär. Şu ýyl ýurdumyzyň galla meýdany 760 müň gektara deň boldy. Oba hojalyk ýerleriniň agramly bölegi bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri, hususan-da, “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Miras”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko” görnüşleri ekilip, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşdylar.

Galla oragynda “John Deere”, “Case”, “New Holland”, “CLAAS” we beýleki kombaýnlaryň bir ýarym müňe golaýy işledilýär. Kabul ediş bölümlerine, şeýle hem ammarlara we elewatorlara dänäniň daşalmagyny Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük awtoulaglarynyň, 
8 müň 700-den gowragy üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň