Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Oraza baýramy bilen gutlady

15:3126.06.2017
0
5889

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň belent ahlak hem-de ruhy päkligini dünýä ýaýýan gadymy baýramlaryň biri bolan Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Haýyr-sahawatyň, ýagşylygyň we ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramyna bagyşlanan çuň mazmunly, bay öwüşginli çäreleriň bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn!

Oraza baýramy gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kemala gelen, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan dünýäniň ift gadymy baýramlarynyft biridir. Beýik Biribaryö barlygyna we birligine uýýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes kada öwren türkmen halkynyň beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, aýratyn hem rehim-şepagatlylygyň, haýyr- sahawatlylygyň mübärek gijesi bolan Gadyr gijesine hormaty örän uludyr.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Sagdynlygyň we ruhubelentligiö ýylynda hem Oraza aýynda agyz beklendi, Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, tarawa namazlary, il-ýurduö asudalygy, Watanymyzyň abadanlygy, rowaçlygy üçin aýat-töwirler okaldy.

Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öfte barýan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde, etrapdyr şäherçelerimizde, döwrebap obalarymyzda gözbaşyny adamzadyň köp asyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan Oraza baýramynyft aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenilmegi bolsa, ata-babalarymyzyň mukaddes däplerine eýerip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyzyft agžybirligini has-da pugtalandyrýar. Nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeleýär, şöhratly geçmişimize, şu günümize, geljegimize buýsanjymyzy artdyrýar.

Eziz watandaşlar!

Uzak taryhy we medeni döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylygy, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi, dostlugy dabaralandyrýan däplerimiz we dessurlarymyz, ynanç- ygtykatlarymyz, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abdylla ibn Mübärek, Mahmyt Zamahşary, Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlarymyzyft öwüt-ündewleri ynsanyft ruhy dünýäsine hem-de ahlagyna täsir edýän, mertebesini beýgeldýän genji-hazynadyr. Asyrlaryň dowamynda emele gelen bu gymmatlyklar biziň halkymyzyň watansöýüjiliginiň, ynsanperwerliginiÄ, agzybirliginiň, pähim-paýhaslylygynyft, päkliginiň we tämizliginift çuňňur kökleri, ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň berk binýady bolup durýar.

Şonuň bilen baglylykda, biz milli däplerimizi, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesini jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda has-da kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek bilen, döwletimiziň dünýädäki omuny yzygiderli berkidýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, milli bähbitlerimize, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitlerine we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän maksada okgunly syýasaty alyp barýarys. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň, mähriban halkymyzyň we tutuş adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýäniň parahatçylygynyň hatyrasyna milli we umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanýan beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň birleşmegine, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, mübärek Oraza aýynda amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beren sadakalaryňyz, okan aýat-töwirleriňiz, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna okan doga-dilegleriňiz, arzuw-umytlaryňyz beýik hem-de keremli Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de maşgala rowaçlygyny arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň