Özbegistanyň çagalary Awaza dynç almak üçin geldiler

05:1316.05.2017
0
9311

Balkan welaýatynyň deňizýaka şäheriniň Halkara howa menzilinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almak üçin Özbegistan Respublikasyndan gelen çagalaryň uly toparyny garşylamak dabarasy boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky doganlyk döwletiň wekiliýeti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon gepleşiginde teklip eden çakylygy boýunça geldi.

Şol telefon gepleşiginde türkmen Lideri Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej toplumlarynyň we kaşaň myhmanhanalaryň Özbegistanyň okuwçylaryny dynç almak üçin kabul etmäge taýýardygyny belledi. Milletiň Lideriniň çakylygy boýunça goňşy ýurduň dürli sebitlerinden — Buharadan, Nowaýydan, Horezmden, Garagalpagystandan bolan çagalaryň 100-e golaýy “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezine ýerleşdi.

Özbek okuwçylarynyň ýany bilen olaryň mugallymlaryndan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň Halk bilim, Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, milli teleradiokompaniýasynyň, “Tomoşa” çagalar teatrynyň wekilleri we beýlekiler geldiler.

Awazanyň ýaş myhmanlaryna dynç alyş döwründe türkmen deňiz şypahanasy boýunça gyzykly gezelençler, aýdym-sazly we sport çäreleri garaşýar. Mysal üçin, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar, şeýle hem döredijilik bäsleşikleri, ýaş bilermenleriň bäsleşigi, edebi agşamlar, ýörişler, gezelençler we beýlekiler garaşýar.

Özbek okuwçylary Awazada 25-nji maýa çenli dynç alarlar. Çagalaryň kabul edilmegini we dynç almagyny guraýjylar — ýurdumyzyň Bilim, Daşary işler, Medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Balkan welaýatynyň häkimligi, TNGIZT hem-de ýurdumyzyň ýaş işjeňleri biziň ýaş myhmanlarymyzyň deňiz dynç alyş merkezinde geçiren wagtlarynyň olar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, çagalarda örän gowy duýgularyň, ajaýyp täsirleriň döremegi we elbetde, olaryň saglygy üçin peýdaly bolmagy babatda ähli zatlary göz öňünde tutdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň