Turkmenportal logo
Düýn 10:03
75457545
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mazary-Şarif şäherinde Magtymgulynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy

31-nji martda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Dabaraly çärä türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň geçirilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak babatynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýany boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýadygärligiň abatlaýyş işleri «Akýol» jemgyýetçilik we medeniýet guramasynyň başlygy Hajy Mohammad Haşim Wali Zadanyň başlangyjy esasynda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň maliýe goldawy bilen amala aşyryldy.

Açylyş dabarasyna Mazary-Şarif şäheriniň häkimi Abdul Rahman Hemmet, Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminuallah Sadyk, şeýle hem din alymlary, mugallymlar, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.