Turkmenportal logo
01.04.26
98319831
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary şäherinde Türkmenistanyň bank ulgamynyň gazananlaryna bagyşlanan forum geçirildi

31-nji martda Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda bank ulgamynyň gazanan üstünlikleri we döwrebap mümkinçilikleri» atly sergi we tejribe duşuşygy geçirildi. Onuň maksady bank ulgamyndaky täze hyzmatlar bilen tanyşdyrmakdan, şol sanda bank ulgamynyň halk üçin sanly ulgam arkaly ýerine ýetirýän hyzmatlaryny görkezmekden ybarat boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.

Serginiň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary boldy. Myhmanlar duz-çörek bilen garşylandylar.

Çärä welaýatyň bank şahamçalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, telekeçiler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, welaýatda oba hojalyk ulgamynda ýokary netijelere eýe bolan kärendeçilerdir ýer eýeleri, ýurt we dünýä derejesinde ýokary netijelere mynasyp bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Şeýle hem serginiň çäklerinde milli gymmatlyklar, döwlet banklary tarapyndan maliýeleşdirilmegi esasynda iri önümçilikleriň ýeten derejesine şaýatlyk edýän işler görkezildi.

Hödürlenilýän hyzmatlaryň ähli ýerde tizligi hem-de elýeterli bolmagy banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarýar. Duşuşykda ilata berilýän karzlaryň möhletiniň 3 ýyldan 5 ýyla çenli köpeldilendigi, göterim derejesiniň bolsa 12 göterimden 7 göterime çenli peseldilendigi bellenildi.