Turkmenportal logo
Şu gün 09:01
42554255
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda TDHÇMB-nyň täze onlaýn-hyzmatlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda 31-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) iş ulgamyna ornaşdyrylan täze onlaýn-hyzmatlaryň tanyşdyrylyşy boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berlişi ýaly, täze çözgütler ugurdaş amallary, resminamalary hasaba almagy we maliýe hasabatlylygyny ýöretmegi ep-esli ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara biržanyň resmi web-saýtyndaky «Şahsy otag» platformasynyň mümkinçilikleri görkezildi, şeýle hem maliýe monitoringi bölümine resminamalary tabşyrmagyň tertibi düşündirildi.

Täze ulgamyň artykmaçlyklarynyň arasynda uzak aralykly format – birža bilen ähli özara gatnaşyklar indi onlaýn arkaly amala aşyrylýar; maglumat bermegiň amatlylygy – gyzyklanma bildirýän taraplar öz maglumatlaryny özbaşdak girizip, zerur resminamalary ýükläp we arzalaryň täze nusgalaryny göçürip alyp bilýärler; göni aragatnaşyk – platforma maglumatlary anyklamak ýa-da resminamalar toplumyny doldurmak üçin biržanyň operatorlary we administratorlary bilen dessin habarlaşmaga mümkinçilik berýär.