Turkmenportal logo
31.03.26
1378813788
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti bedew baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has hem belende galdyrmak maksady bilen, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Aşgabat şäherinde 25-nji aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.