Turkmenportal logo
Şu gün 19:23
34973497
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkiýäniň ilçisi bilen gepleşikler geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdiler. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda sebitleýin we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça hem pikir alyşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag ulgamlaryndaky özara hereketleri işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäginde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek we halkara forumlaryna özara gatnaşmak meseleleri hem gözden geçirildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, halkara meýdançalaryndaky özara hereketleriň oňyn tejribesini bellediler we mundan beýläk-de biri-biriniň başlangyçlaryna özara goldaw bermek niýetlerini tassykladylar.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.