Turkmenportal logo
Şu gün 14:02
34033403
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Ýaponiýa galyndylary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny maslahatlaşdy

Aşgabatda galyndylary gaýtadan işlemek we sirkulýar ykdysadyýete geçmek meseleleri boýunça ilkinji türkmen-ýapon «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Duşuşygy Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi we Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekili Isii Hidehiko açdy. Çärä ýapon kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň degişli edaralarynyň wekilleri, şeýle hem ekologiýa pudagynyň hünärmenleri gatnaşdy.

Kumamoto uniwersitetiniň hormatly professory Koji Arizono esasy doklad bilen çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň galyndylar bilen işlemek baradaky döwlet syýasaty, şeýle hem ýurduň önümçilik ulgamyna Ýaponiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak mümkinçilikleri öwrenildi.

Bu çäre geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň galyndylary dolandyrmak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildiren wagtynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.

«Tegelek stoluň» jemleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.