Turkmenportal logo
Şu gün 09:57
35973597
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň muzeýinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp sergi geçiriler

2-nji aprelde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkyň saglygy – döwletiň baýlygy» atly çeperçilik sergisiniň açylyş dabarasy geçiriler. Sergi 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar. Şu ýyl bu sene «Saglyga tarap bilelikde. Ylym bilen bilelikde» şygary astynda geçirilýär.

Serginiň açylyş dabarasy sagat 11:00-da başlanar.

Muzeýiň salgysy: Aşgabat şäheri, 2022-nji köçe (Alyşir Nowaýy), jaý 88.

Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 92-71-69.