Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žýulýen de Fraýponyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar syýasy-diplomatik dialogy, Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Taraplar Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Belgiýanyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm orny nygtaldy.
Söwda-ykdysady ugra hem aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar işewür toparlaryň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek, işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem,medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.