Turkmenportal logo
Düýn 19:44
94349434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Hytaýda ders berýär

1-nji martdan bäri Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Didar Amanmuhammedow Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde talyplara ders berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň» esasynda, ol «Rus dili + Türkmen dili» hünäri boýunça okaýan talyplara türkmen dilinden ders berýär.

Şeýle hem, ol Türkmenistan barada syn beriş sapaklaryny geçirýär.

Türkmen mugallymynyň Hytaý Halk Respublikasyndaky iş sapary 29-njy iýula çenli dowam eder.