Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bangkoga bardy. Türkmenistan ol ýerde 31-nji martda 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlamasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Tailandyň ýygyndysyna garşy meýdança çykar.
Oýun «Rajamangala» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar.
Jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda «D» toparçasyndaky iki toparyň hem 12 utugy bar, emma Türkmenistanyň ýygyndysy goşmaça görkezijileriň, has takygy, özara duşuşygyň netijesi boýunça birinji orny eýeleýär. Ýeri gelende ýatlatsak, 2025-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen oýunda Röwşen Meredowyň şägirtleri 3:1 hasabynda Tailandyň üstünden ýeňiş gazanypdylar.
Toparçada 6 utuk bilen Şri-Lankanyň ýygyndysy üçünji orunda barýar. Hytaý Taýbeýiniň ýygyndysynyň bolsa utugy ýok.
«D» toparçasynyň ýeňijisi Saud Arabystanynda geçiriljek 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gönüden-göni gatnaşmaga hukuk gazanar.