Turkmenportal logo
Düýn 17:19
52785278
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nökerguly Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew duşenbe güni Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy. Bu barada 1tv.ge habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gruziýanyň Hökümetiniň berýän habaryna görä, duşuşygyň dowamynda gruzin-türkmen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň tutýan orny nygtaldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklara, şol sanda oba hojalygy we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň çäklerinde sebit gün tertibine hem deglip geçildi. Taraplar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdiler we sebitiň durnukly ösüşi üçin şeýle syýasatyň alnyp barylmagynyň möhümdigini bellediler.