Turkmenportal logo
Şu gün 16:19
69496949
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhowaýollary» Tugaýyň doglan gününiň 140 ýyllygyna Kazan — Kuala Lumpur ugry boýunça bilet utuşyny yglan etdi

«Kazan» howa menzili «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş wekili bilen bilelikde Kazan — Kuala Lumpur — Kazan ugry boýunça uçar biletiniň utuşyny yglan etdi. Çäre tatar şahyry Gabdulla Tugaýyň doglan gününiň 140 ýyllygyna bagyşlanýar. Onuň ady Kazan howa menziline dakylyp, bu çäre şeýle-de türkmen howa gatnadyjysynyň üstaşyr uçuş maksatnamasynyň giňelmegi bilen baglydyr.

Ýeňiji bir adam üçin Aşgabat şäherinde üstaşyr uçuş bilen üpjün ediler. Biletden başga-da, «Tatawatar» taslamasy tarapyndan taryhy egin-eşiklerde surata düşmeklik hem utuşa goýulýar.

Gatnaşmak üçin «Turkmenistan Airlines GSA» awaikompaniýasynyň, Kazan howa menziliniň  we «Tatawatar» taslamasynyň Telegram-kanallaryna ýazylmak hem-de «Gatnaşýaryn» düwmesine basmak zerurdyr. Netijeler 2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde bot tarapyndan jemlener.

«Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy Kazan şäherinden Aşgabadyň üsti bilen birnäçe ugur boýunça: Pekine we Bangkoka — şenbe günleri, Hoşimine we Kuala Lumpura — çarşenbe günleri, Seula — ýekşenbe günleri yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar.