Turkmenportal logo
Düýn 12:33
68776877
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropada 12 tonnalyk şokolad batonly ýük ulagy ogurlandy
Surat: gordonua.com

Ýewropada umumy agramy 12 tonna ýa-da 413,8 müň sany bolan şokolad kemputly ýük ulagyny ogurladylar. Ulag Italiýadaky zawoddan Polşa barýardy, emma barmaly ýerine ýetmedi. Bu barada batonjyklary öndüriji kompaniýa salgylanýan «Agence France-Presse» agentligi habar berdi.

Ogurlygyň ýewropa dükanlarynda şokoladyň wagtlaýyn ýetmezçiligine getirjekdigi bellenýär. Ýük ulagynyň ýerleşýän ýeri heniz hem anyklananok.