Turkmenportal logo
Şu gün 11:48
58605860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Buharest şäherinde ýylyň şygaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi 

Buharest şäheriniň Agronomik ylymlar we weterinar medisina uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, oňa Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi we mugallymlary, şeýle hem Türkmenistandan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwerulgamlarynda amala aşyrylan özgertmelere ýokary baha berildi.

Gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine gönükdirildi.

Çäräniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Gatnaşyjylar bu gymmatly eseriň halkara giňişliginde parahatçylyk medeniýetini we özara hormat goýmagy pugtalandyrmakdaky aýratyn ähmiýetini bellediler.