Turkmenportal logo
Düýn 11:34
87068706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Toyota» berk hil talaplaryndan ýüz öwürmekçi
Surat: avtonovostidnya.ru

«Toyota» ýapon kompaniýasy ulaglarynyň önümçiligindäki berk hil talaplarynyň birgideninden ýüz dändermekçi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sato Koidzi kompaniýanyň häzirki bäsdeşlik şertlerinde halas bolmak üçin şeýle karara gelendigini habar berdi.

Uzak ýyllaryň dowamynda «Toyota» juda berk hil talaplaryny ýöredip gelýärdi, oňa görä, hatda ulaldyjy aýnada synlamak mümkin bolan mikroskopik kemçiliklerem ulagyň düzüm böleginiň ulanmakdan aýrylmagyna getirýärdi.

Geçirijileriň aňrybaş derejede izolýasyny üpjün etmek üçin her aýda 10 müň töweregi rezin daňylar, ulagyň içiniň asma paneli görner-görünmez tegmiller sebäpli ulanyşdan aýrylýardy, bularyň ählisi-de çynlakaý ýitgilere getirýärdi.Häzirki wagtda bu awtoulag läheňi «Smart Standard Activity» maksatnamasyny işe goýberýär, onuň maksady howpsuzlyga we ulagyň işine täsir etmeýän, emma çykdajylary ýokarlandyrýan hil talaplaryna täzeden seretmek diýip, «Motor.ru» ýazýar.