Band deňziniň akwatoriýasynda güýji 6,2 bala deň bolan ýer yranma hasaba alyndy. Bu barada Germaniýanyň Geoylymlar ylmy barlag institutyna /GFZ/ salgylanýan «Sinhua» habar berdi.
Geçen şenbede bolan ýertitremäniň merkezi 160,8 km çuňlukda ýerleşdi.
Band deňzi Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde ýerleşýär. Onuň meýdany 714 müň inedördül km, ortaça çuňlugy 2737 metrdir.