Turkmenportal logo
Düýn 10:14
52445244
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dagystanda görülmedik çabga ýagdy
Surat: mk.ru

Dagystanyň käbir etraplarynda ygal soňky köp ýyllardaky rekord derejeden ozdurdy diýip, sebitiň başlygy Sergeý Melikowa salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Melikow etraplaryň birgideninde topraga düşýän ygalyň 50 millimetrden geçendigini belledi. Respublikanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, ýagdaý syrgynlar we gar ýagmagy, şol sanda dag belentliklerinden garyň süýşmegi bilen has-da ýaramazlaşýar.

Dagystanda geçen şenbede güýçli ýagyşlar netijesinde 460-dan gowrak öý gark boldy, awtoulaglara zeper ýetdi, Mahaçgaladan we Derbentden 100 adam göçürildi. Aýratyn hem Mahaçgalada ýagdaý kynlaşdy, adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 320 müň adam elektriksiz galdy. Derýalaryň hanasyndan agmagy köprüleridir ýollary haraplady, Hasawýurtda demir ýol köprüsi ýykyldy.

Ýagdaý sebäpli 30-njy marta çenli Respublikanyň ähli ýerinde ýokary derejede taýýarlyk yglan edildi.