Turkmenportal logo
Düýn 22:08
56515651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy baýram edildi

Şu gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Baýramçylyk dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagy okaldy. Soňra döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana hem-de BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Jalpa Ratna «Arkadag» medalyny gowşurmak dabarasy boldy. Sylagy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa gowşurdy. Sylaga mynasyp bolan daşary ýurtly wekiller özlerine şeýle belent hormat edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dabaranyň dowamynda gutlag çykyşlaryna hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine giň orun berildi. Onuň ahyrynda baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.