28-nji martda Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi. Bu barada TDH habar berýär.
Maslahatyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň göreldeli kazyýeti» atly bäsleşiginiň jemleri mälim edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda «Iň göreldeli kazyýet» we birinji basgançakly kazyýetleriň kazylarynyň arasynda «Iň göreldeli kazy» atly bäsleşikleri yglan etmek meselesine seredildi.
Maslahatyň gün tertibine şeýle hem kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna degişli meseleler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, degişli hukuk resminamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Çykyşlarda 2025-nji ýylda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, ýörite usuly gollanmalary taýýarlamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna kazyýetleriň kazylarynyň we işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesi hem girizildi.
2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly wezipeler, Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň täze beýany ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Maslahatyň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.