Turkmenportal logo
Düýn 12:13
92709270
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli şu gün geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynda ýurtda aýratyn hemaýata mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini, bu ugurda ata-babalaryň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurtda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde ägirt uly tagallalaryň edilýändigini belledi.

«Gaznanyň diňe bir näsaglary bejermekde däl, eýsem, lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde hem tutumly işleri alyp barýandygy bizi örän buýsandyrýar. Gazna tarapyndan hassahanalaryň çagalar bölümlerine kämil lukmançylyk enjamlary ýerleşdirilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň lukmanlar üçin öndüren dürli serişdeleriniň alnyp berilmegi çagalar hakyndaky aladanyň aýdyň mysalydyr»  — diýip, döwlet Baştutany Gutlag hatynda nygtaýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda häzirki wagtda gaznanyň diňe bir türkmenistanly çagalara däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň çagalaryna hem ýurduň adyndan hemaýat bermek işleriniň alnyp barylýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, watandaşlaryna berk jan saglygyny we abadan durmuşy, Garaşsyz Watanyň gülläp ösmegi, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.