Turkmenportal logo
Düýn 10:11
1284012840
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukaşenko: Belarus Türkmenistan bilen dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidentini adamlaryň kalbyny mähir, şatlyk, bagtyýarlyk we ýagty geljege bolan umyt bilen doldurýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýady. Bu barada TDH habar berýär.

«Belarus Respublikasy bu baýramyň esasy ýörelgeleri bolan özara hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan bilen dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Döwletara dialogyň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de hyzmat etjekdigine hem-de Ýewraziýada durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn» diýip, Prezident Lukaşenko Gutlagynda belledi.

Gutlag hatynyň ahyrynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prrzidentine berk jan saglyk, güýç-kuwwat we jogapkärli işinde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.