Turkmenportal logo
Düýn 22:14
57525752
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan mejlisini geçirdi. Oňa Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler, gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlar diňlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan edip, Gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler boýunça hasabatlary diňledi. Haýyr-sahawat gaznasynyň işi hakyndaky hasabatlary diňläp, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän işini kämilleşdirmek babatda özüniň öwüt-nesihatlarydyr maslahatlaryny, tabşyryklaryny berdi.

Mejlisiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkyny, gaznanyň agzalaryny tüýs ýürekden gutlady.