Turkmenportal logo
28.03.26
1172411724
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bilim Daragty» britan Imperial English UK bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy

Bilim Daragty okuw merkeziniň mugallymlary Londondaky Imperial English UK guramasy bilen täze hyzmatdaşlygyň çäginde halkara TESOL (Teaching English to Speakers of Other Languages – «Beýleki dillerde gürleýänlere iňlis dilini öwretmek») maksatnamasy boýunça onlaýn okuwlara başladylar. Maksatnama mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we iňlis dilini okatmakda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilýär.

Britan hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk okuw işini halkara standartlaryna laýyklykda guramaga mümkinçilik açýar. Merkeziň ýolbaşçylygy häzirki tapgyry has giň göwrümli hyzmatdaşlygyň başlangyjy hökmünde görýär. Şunda bilelikdäki taslamalar, mugallymçylyk ugry boýunça tejribe alyşmak we täze bilim maksatnamalaryny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Bilim Daragty okuw merkezinde bellenilişi ýaly, daşary ýurt bilim institutlary bilen hyzmatdaşlyk ugruny saýlamak, mekdebiň ösüş strategiýasynyň bir düzüm bölegi bolup, bilimiň hiline we innowasiýalara gönükdirilendir.

Okuw merkezi Aşgabadyň Galkynyş we Andalyp köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 266365, 266362, +99371673345, +99363850524.