Turkmenportal logo
Şu gün 12:00
50515051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň bank işgärleriniň arasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenistanda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşikler toparçalaýyn usulda geçirilip, ol erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasyndaky ýaryşlary öz içine aldy.

Aýal-gyzlaryň arasynda birinji orny «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň wekili Güljahan Atbaşyýewa eýe boldy, ikinji orny Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işgäri Mähri Akmämmedowa eýeledi, üçünji orna bolsa Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň wekili Jeren Muhammedowa mynasyp boldy.

Erkekleriň arasynda birinji orny Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekili Aşyrguly Geldiýew eýeledi. Ikinji orna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyndan Täçmyrat Berdiýew, üçünji orna bolsa Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankyndan Perman Öwezow eýe boldy.