Turkmenportal logo
Şu gün 10:14
57915791
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Belarus 2027-nji ýyl üçin awtomobil arkaly ýükleri daşamak boýunça rugsatnamalaryň kwotasyny ylalaşdylar
Surat: mintrans.gov.by

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasy 2027-nji ýyl üçin halkara awtomobil ýük daşamalaryny ýerine ýetirmek üçin rugsatnama blankalarynyň özara alyş-çalşynyň kwotasyny ylalaşdylar. Bu barada Belarus Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, sb.by saýty habar berdi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy Minsk şäherinde Belarus-Türkmen bilelikdäki halkara awtomobil aragatnaşygy boýunça komitetiň mejlisiniň dowamynda geçirildi.

«Özara düşünişmek ýörelgelerine laýyklykda, iki döwletiň çäginde hem halkara awtomobil daşamalaryny amala aşyrmaga kanunçylyk esasynda rugsat berlen we ESTR talaplaryna laýyk gelýän sanly gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan sanly tahografyň çap edilen maglumatlaryny ulanmak mümkinçiligi ylalaşyldy» diýip, habarda bellenilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem belarus daşaýjylarynyň Türkmenistan boýunça halkara awtomobil daşamalaryny ýerine ýetirmekde administratiw amallary ýönekeýleşdirmek, şeýle hem sürüjileriň Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň rugsat edilen möhletlerini uzaltmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.