Turkmenportal logo
Şu gün 09:41
63676367
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NesilCoffee emeli aňly ykjam goşundyny döretmek üçin tender-bäsleşigini yglan edýär

Kofe önümlerini öndüriji NesilCoffee türkmen kompaniýasy emeli aň goşulan özüniň ykjam goşundysyny döretmek üçin degişli hünärmen bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen tender-bäsleşigini yglan etdi.

Taslama Android we iOS platformalary üçin goşundynyň doly işlenip taýýarlanmagyny göz öňünde tutýar. Munuň düzümine döwrebap ulanyjy interfeýsiniň döredilmegi, emeli aň mümkinçilikleriniň (şahsylaşdyrylan maslahatlaryň, çat-kömekçiniň we beýleki intellektual funksiýalaryň) ornaşdyrylmagy, şeýle hem goşundynyň Google Play we App Store platformalarynda çap edilmegi girýär.

Dalaşgär ykjam goşundylary taýýarlamak boýunça tassyklandyrylan tejribä, emeli aňy ornaşdyrmak boýunça amaly iş tejribesine, UX/UI dizaýn başarnyklaryna we öndürijilik pikirlenmesine eýe bolmalydyr. Hökmany şert hökmünde, mümkin bolsa emeli aň elementleri bilen, azyndan 1–2 tamamlanan taslamany öz içine alýan bukjanyň bolmagy talap edilýär.

Iş şertnama esasynda ýerine ýetirilip, geljekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk we kompaniýanyň sanly ugurlarynyň ösüşine gatnaşmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Gysgaça bukja we ýerine ýetirilen wezipeleriň hem-de çözgütleriň beýanyny öz içine alýan terjimehal bilen ýüz tutmalar 2026-njy ýylyň 20-nji apreline çenli info@nesilcoffee.com elektron salgysyna ibermeli. Hatyň temasynda hökmany bellik: «Tender — AI / App Developer NesilCoffee».

Goşmaça maglumatlary we sowallara jogaplary şu telefon belgisi arkaly alyp bolýar: +993 64 837428.

NesilCoffee taslamany diňe tehniki taýdan durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, eýsem kompaniýanyň sanly önümleriniň uzak möhletleýin ösüşine goşant goşup biljek güýçli hünärmeni işe çekmegi maksat edinýär.