Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagy bilen hytaý jemgyýetiniň Türkmenistana we türkmen diline bolan gyzyklanmasy yzygiderli ýokarlanýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen brifingde mälim etdi.
«Hytaý jemgyýetiniň Türkmenistana we türkmen diline bolan ünsi hem artýar. Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi bilen hyzmatdaşyň dilini bilýän hünärmenlere iki ýurduň hem zähmet bazarynda uly isleg bildirilýär» diýip, diplomat aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde we 10 sany orta mekdebinde hytaý dili öwredilýär, 6,5 müňe golaý türkmen talyby bolsa Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar.
Szi Şumin Hytaýyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda Hytaý dilini bilmegiň derejesini anyklaýan synag merkezini açmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu ädim hytaý dilini örenýän türkmenistanlylar üçin has amatly şertleri döretmäge we iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Şeýle-de ilçi taraplaryň hünär bilimi ugrunda özara gatnaşyklar üçin täze platformalary döretmegiň üstünde işleýändiklerini we Türkmenistanda hytaý nusgasyndaky bilelikdäki bilim merkezi bolan ilkinji Lu Ban ussahanasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi.
«Hytaý bilim we medeni alyş-çalyş ulgamynda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr» diýip, diplomat nygtady.