Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde käbir halkara guramalarynyň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak barada Permana gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 5 ýyl dolýandygyny, onuň döredilen gününden bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalarynyň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak barada Permana gol çekdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagy, türkmen halkyny, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.