Ýaponiýanyň «Sony Group» elektrik tehnikasy korporasiýasy we «Honda Motor» awtoulag gurluşygy kompaniýasy elektrik ulaglaryny döretmek ugrundaky işleri bes etmek kararyna geldiler. Bu barada kompaniýalaryň bilelikdäki saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Habarda çözgüdiň «Hondanyň» elektrik ulaglary pudagynda öz ösüş strategiýasyna gaýtadan seretmegi esasynda kabul edilendigi bellenýär. Muňa häzirki wagtda elektrik ulaglary bazaryndaky ösüşiň haýallamagy hem täsir etdi. Kompaniýalar Kaliforniýada awtoulaglara resmileşdirilen deslapky sargytlar üçin serişdeleriň doly öwezini dolmagy meýilleşdirýärler.
14-nji martda «Honda» elektrik ulaglary ugruny täzeden üýtgedip guramak hem-de ABŞ-da 2024-nji ýylyň ýanwarynda CES sergisinde tanyşdyrylan «Honda 0 Series» ugrundan bolan Saloon, Honda 0 SUV we Acura RSX kysymlarynyň önümçiliginden ýüz öwürmekçidigini habar beripdi.