Turkmenportal logo
Şu gün 17:18
57235723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen dalaşgärleri CSCA synagy arkaly Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edildi

Türkmen dalaşgärleri CSCA synagyny üstünlikli tabşyrdylar. Bu synag Hytaýyň birnäçe uniwersitetine girmek üçin hökmany saýlama synagydyr. Synag 2026-njy ýylyň 15-nji martynda daşary ýurtlarda bilim almak isleýän talyplara goldaw berýän «Ýönekeý» hususy kärhanasynyň guramaçylyk goldawy bilen geçirildi.

Kompaniýa diňe bir synaga ýazylmagy we onuň geçirilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, gatnaşyjylary öňünden synaga taýýarlamak işini hem alyp bardy. «Ýönekeý» tarapyndan bellenilişi ýaly, orunlaryň sany çäklidir, şonuň üçin Hytaýda bilim almak isleýän dalaşgärler resminamalaryny öňünden tabşyrmalydyrlar.

Hytaýdan başga-da, kompaniýa Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmek mümkinçiligini hödürleýär — dalaşgärler üçin 200-den gowrak bakalawr hünärleri we taýýarlyk maksatnamalary elýeterlidir. Üçünji meşhur ugur bolsa Malaýziýa bolup galýar: ol ýerde türkmen talyplary iňlis dilini öwrenip, Kuala-Lumpur şäherindäki öňdebaryjy uniwersitetleriň akademiki gurşawyna ilkinji kursdan goşulyp bilerler.

«Ýönekeý» kompaniýasynyň hyzmatlarynyň sanawy 15-den gowrak ugry öz içine alýar. Bu okuw mekdebini saýlamakdan başlap resminamalaryň toplumyny taýýarlamaga, wiza goldawyna we ýaşaýyş meselesinde kömek bermäge çenli işleri göz öňünde tutýar. Kompaniýa Türkmenistanyň üç welaýatynda işleýär we daşary ýurt bilimini giň köpçülige elýeterli etmegi maksat edinýär.

Has giňişleýin maglumat hytay.com saýtynda ýerleşdirilendir.